Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň hususylaşdyrylmagy dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň hususylaşdyrylmagy dowam edýär
Bäsleşikli söwdalar 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalary geçirýär.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, bäsleşikli söwdalar 30-njy sentýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga milli kanunçylykda bellenilen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.

Ýüztutmalary kabul etmek we hasaba almak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar. Gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşikli söwdalaryň geçiriljek güni sagat 9:00-da başlaýar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi, desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi, degişli ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär.