Türkmenistan we Gazagystan ulag pudagynda täze taslamany durmuşa geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan ulag pudagynda täze taslamany durmuşa geçirer
Taslama türkmen tarapynyň Gazagystanyň serhedine çenli gara ýoluň hem-de Garabogaz kölüniň üstünden köpriniň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistan we Gazagystan ulag-logistika pudagynda täze taslamany durmuşa geçirmekçi. Bu taslama türkmen tarapynyň Gazagystanyň serhedine çenli gara ýoluň hem-de Garabogaz kölüniň üstünden köpriniň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Bu barada Trend habar agentligi Gazagystanyň daşary işler ministrliginiň çeşmesine salgylanyp, sişenbe güni habar berdi.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygynyň, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, ministrlikde bellediler.

Iki ýurduň arasynda ulag pudagynda taslamalar durmuşa geçirilýär, hususan-da 2014-nji ýylda ulanyşa girizilen “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýoludyr. Bu taslama halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleri döretdi.

“Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýoly “Demirgazyk-Günorta” hem-de “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça halkara ulag geçelgeleriniň wajyp bölegine öwrüldi. Şeýle-de bu magistral Beýik ýüpek ýoluny dikeltmekde, Merkezi Aziýa, Hazarýaka we goňşy sebitleriň döwletleriniň arasynda söwdany ösdürmekde strategik häsiýete eýedir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022