Türkmenistan we Gazagystan ulag pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan ulag pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Gazagystanyň möhüm ähmiýet berýän nebitgaz, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. (Surat: “Gazagystanyň Hökümeti”)

Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Aşgabada gelen Premýer-ministri Askar Maminiň gatnaşmagynda penşenbe güni Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar bilelikdäki toparyň ozalky mejlisleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň möhüm ähmiýet berýän nebitgaz, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça bilelikdäki işleri mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurlygyny şertlendirýär. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasynda ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Pandemiýanyň ýetirýän oňaýsyz täsirlerine garamazdan Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy bellenildi, munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýediginiň subutnamasydyr.

Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Gazagystanyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, möhüm ugurlarda işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça birnäçe anyk çäreleri  ara alyp maslahatlaşdylar we kesgitlediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022