Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen sişenbe güni duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň özara hereketleriniň giň toplumy babatynda pikir alyşdylar we energetika, ulag, söwda we bilim ulgamlarynda köpugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdiler.
Şeýle hem geljegi uly iri taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň duşuşygynyň geçirilmeginiň zerurdygy aýratyn bellenildi.
Pandemiýadan soňky döwürde durmuş-ykdysady görkezijileriň dikeldilmegi boýunça bilelikdäki işleriň esasy ugurlarynyň jikme-jik anyklaşdyrylan Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegi boýunça hereketleriň işjeňleşdirilmegi hem ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy.