Aşgabatda ulag-gümrük amallaryny sanlaşdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ulag-gümrük amallaryny sanlaşdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi
Okuw maslahaty “Sebitleýin ykdysady arabaglanyşygy ilerletmek hem-de logistika-ulag düzümini ösdürmek” atly taslamasynyň çäginde onlaýn görnüşinde guraldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň howandarlygynda 22-23-nji sentýabrda ulag logistikasy meseleleri boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda penşenbe güni habar berildi.

Gümrük we ulag amallaryny sanlaşdyrmak boýunça okuw maslahaty “Sebitleýin ykdysady arabaglanyşygy ilerletmek  hem-de logistika-ulag düzümini ösdürmek” atly taslamasynyň çäginde onlaýn görnüşinde guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ulag agentlikleriniň we beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň barşynda Gruziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň bilermenleri diňleýjileri ulag-üstaşyr we gümrük amallaryny dolandyrmak ulgamynda netijeli gurallary we sanly enjamlary ornaşdyrmagyň  öňdebaryjy halkara tejribesi bilen tanyşdyrdylar.

Maslahata gatnaşyjylar multimodal ugurlary boýunça üznüksiz ýük gatnawlaryny artdyrmak hem-de “bir penjire” ulgamyny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

2022