Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksport möçberini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksport möçberini artdyrýar
2018-nji ýylda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde Türkmenistanda ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasy işe girizildi.

Türkmenistan geçen sekiz aýda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende elektrik energiýasynyň eksport möçberleriniň söwdasyny 151%, fiziki möçberini bolsa 124% artdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, “ORIENT.tm” çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, eksportyň artmagyna Türkmenistanyň ýyllyk elektrik energiýa öndürijilik kuwwatyny 33 mlrd. KWt sagada çenli artdyrmaga gönükdirilen oýlanyşykly düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi täsir etdi.

Ilki bilen 2018-nji ýylda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde işe girizilen bug-gaz elektrik stansiýasy muňa mysaldyr. Bu elektrik stansiýasy ýylda 1 müň 574 MWt elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenendir.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 432 MWt deň bolan täze elektrik bekedi gurulýar. Gurluşyk işlerini Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bilen bilelikde Ýaponiýanyň “Mitsubishi Hitachi Power Systems” we Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary alyp barýar.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, energetika pudagynda täze desgalaryň işe girizilmegi bilen 2020-nji ýylyň 8 aýynda geçen ýylyň ýanwar-awgust aýlary bilen deňeşdirilende Türkmenistanyň elektrik energiýa önümçiligi 13,5% artdy.

Mundan başga-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) iki sany täze gazturbinaly elektrik bekedini gurmaga badalga berildi. Olaryň hersiniň ýyllyk kuwwaty 70 MWt sagada deňdir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022