Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeldýär
Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady mümkinçilikleri we gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler.

“Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň çarşenbe güni onlaýn görnüşinde geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, onlaýn gepleşiklere iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň başlyklary, birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady mümkinçilikleri we gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, işewür duşuşyklaryň iki doganlyk halklaryň bozulmaz dostluk, taryhy-medeni we ruhy umumylyklaryna esaslanýan däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle-de çärä gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamynda, dokma, gurluşyk we himiýa senagatlary,saglygy goraýyş we derman senagaty, aragatnaşyk,daşky gurşawy goramak, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda işewür gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, “Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň alyp barýan işiniň özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.