Gök ammiak: geljegi uly wodorod energiýasyna tarap ädim

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gök ammiak: geljegi uly wodorod energiýasyna tarap ädim
Iň iri nebitgaz kompaniýasynyň gök ammiagyň ilkinji tapgyryny dünýä bazaryna çykarmagy bilen onuň ulanyş taslamasy ilkinji sapar durmuşa geçirilip başlandy.

Wodorod doly arassa ýagdaýda ýanýar we özünden soň diňe suw buguny bölüp çykarýar, bu bolsa ony uglerod energiýany öndüriji hökmünde adaty ýangyjyň alternatiwasyna öwürýär. Durmuşda diňe wodorod däl, eýsem, ýaşyl wodorod, gök wodorod hem-de çal wodorod bolup, olar aýry-aýry önümçilik ussullary bilen tapawutlanýar.

“Oliprice.com” diýen dünýä energetikasy boýunça tazelikler saýtynda ýakynda çap edilen makala görä, onçakly meşhur bolmadyk, emma dünýäniň arassa energiýa geçmeginde geljegi bolan ýene bir serişde gök ammiakdyr.

Ammiak himiki serişde bolup, onuň düzüminde üç wodorod molekulasy we bir azot molekulasy bardyr. Bu serişde ýylylyk elektrik stansiýalarynda peýdalanylanda wodorod ýaly uglerod zyňyndysyz ýanýar. Gök ammiak arassa wodorodyň önümçiliginde hem ulanylyp bilinýär. Gök ammiak tebigy gazdan (käbir halatlarda kömürden) alynýar, emma olara garanyňda pes zyňyndyly serişde bolup durýar.

Iň iri nebitgaz kompaniýasynyň gök ammiagyň ilkinji tapgyryny dünýä bazaryna çykarmagy bilen onuň ulanyş taslamasy ilkinji sapar durmuşa geçirilip başlandy diýip, neşir habar berdi.

Geçen aý, Saud Arabystanyň “Saudi Aramco” kompaniýasy we  Ýaponiýanyň energetikanyň ykdysadyýeti instituty (IEEJ) “Sabic” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda gök ammiagy öndürip, Ýaponiýa iberdiler.

Ýaponiýa getirilen gök ammiagyň ilkinji 40 tonnasy ýurduň elektrik stansiýalarynda kömürturşy gazly zyňyndysyz elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylar. “Dünýä energiýa ulgamynda wodorodyň ulanylyşynyň artmagyna garaşylýar” diýip, “Aramco” kompaniýasynyň Tehnologiýalar bölüminiň ýolbaşçysy Ahmad Al-Howeýter belledi. Onuň aýtmagyna görä, gök ammiagyň ilkinji tapgyrynyň ugradylmagy kompaniýa pes uglerod zyňyndyly wodorodyň hem-de ammiagyň önümçiliginde uglewodorod serişdeleriniň durnuklylygyny we elýeterliligini görkezmäge mümkinçilik döretdi.

“Aramco” kompaniýasynyň bu taslamasy iri nebitgaz kompaniýalarynyň öz iş ugurlaryna gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçiligini girizmekde dünýä trendiniň bir bölegidir. “Oliprice.com” saýtynyň awgust aýynda habar berşi ýaly, häzirki wagtda iri nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda geljekki dünýä energiýa ulgamynda ähmiýeti uly boljak ýaşyl wodorody bazara çykarmakda bäsdeşlik gidýär.

Geçen aý Awstraliýa 2050-nji ýyla çenli arassa energiýa çeşmelerine geçmegi we bu maksada esasan wodorody ulanmak bilen ýetmegi meýilleşdirýändigi barada yglan etdi.

Gök ammiagyň bu tapgyrynyň ugradylmagy dünýäniň täze energiýa ulgamyna geçmekde ädilen ädimleriň biridir.