“Balkan” Kän müdirligi gurluşyk önümleriniň önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Balkan” Kän müdirligi gurluşyk önümleriniň önümçiligini artdyrýar
Kärhanada şu ýylyň dokuz aýynda 1 million 937 müň kub metre golaý magdan däl materiallar öndürildi.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ýurdumyzyň günbatar sebitiniň Türkmenbaşy etrabyndaky Balkan Kän müdirligi tarapyndan şu ýylyň dokuz aýynda 22 million 475 müň manatlyga barabar senagat önümleri öndürilip, bellenilen meýilnama 113,4% ýerine ýetirildi.

“Türkmenistan” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, agzalan döwürde kärhanada 1 million 937 müň kub metre golaý magdan däl materiallar öndürilip, meýilnama 101,6% amal edildi. Şeýle-de bu ýerde dürli gurluşyk serişdeleriniň 148,2 müň tonnasy taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, müdirlik diwara örtülýän materiallary taýýarlamak işlerini alyp barýar. Degişli döwürde bu önümleriň önümçilik meýilnamasy 117% ýerine ýetirildi.

“Balkan” Kän müdirligi ýokary hilli gurluşyk we magdan däl serişdelerini diňe bir Balkan welaýatyna däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerine polat ýollar arkaly yzygiderli ugradýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022