Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Katsumata Takahiko arasynda şenbe güni duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna çykandygy bellenildi. Şunda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmekde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini belläp, şol sanda fosfor dökünleriniň öndürilmegi, oba hojalygyna degişli tehnikalaryň satyn alynmagy boýunça birnäçe taslamalaryň amala aşyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetiki we senagat desgalarynyň gurluşygy boýunça ýapon kompaniýalary bilen gepleşikler dowam edýär. Ýapon hünärmenleri tarapyndan uly tejribe we tehnologik kuwwat toplanan beýleki ulgamlarda-da hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.
Öz gezeginde, Ilçi Katsumata Takahiko türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine hem-de Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin oňyn maýa goýum şertleriniň döredilmegine aýratyn üns berýänligini göz öňünde tutup, türkmen tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Taraplar şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada bellediler we hyzmatdaşlygyň geljekde ösdürilmegi boýunça özara pikir alyşdylar.