USAID Türkmenistanda startaplaryň ösmegine ýardam berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID Türkmenistanda startaplaryň ösmegine ýardam berýär
USAID-iň “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň maksady ýaş telekeçileriň innowasion pikirlerini goldaýan startaplaryň ýerli merkezlerini döretmekden we olara itergi bermekden ybaratdyr.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” we Telekeçiligi ösdürmek boýunça taslamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi bilen bilelikde geçirilen “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň üç günlük bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

USAID-iň anna güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, Maksatnamanyň dört aýynyň dowamynda 122 sany ýaş telekeçiler biznes-treningleriň, toparlaýyn we şahsy halypaçylygyň, şeýle-de, maslahat we kouçing sessiýalarynyň toplumyna gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, telekeçiligi ösdürmek we onuň işini öwretmek boýunça alty sany kompaniýanyň wekilleri halypalar hökmünde çykyş edip, ýaş telekeçileriň biznes-modellerine baha berdiler we olaryň ösüş strategiýasyna täzeden seretmäge ýardam berdiler. Maksatnamanyň ahyrynda on sany finalçy öz önümleri bilen tanyşdyrdylar, şolardan alty ýeňiji yglan edilip, öz baýraklaryny we Gazagystanda sebitleýin bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

150 sany startaperlerden, halypa kompaniýalardan, halypalardan, potensial maýadarlardan we emin agzalaryndan durýan onlaýn-auditoriýa ýüzlenmek bilen, ABŞ-nyň ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Waleri Çittenden diňe bir ýeňijileri däl, eýsem, ähli startaplary olaryň pikirleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutlady.

“Öz startaplaryňyzy ösdürmek bilen, siz öz ýurduňyzyň ykdysadyýetiniň diňe bir maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalary ýa-da tehnologiýa pudaklarynyň ösüşine däl-de, eýsem, beýleki oba hojalyk, azyk senagaty we dokma senagaty ýaly pudaklara innowasion we kreatiw sanly çözgütleri ornaşdyrmak ýoly bilen, goşandyňyzy goşýarsyňyz” diýip, Waleri Çittenden belledi.

“Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň maksady ýaş telekeçileriň innowasion pikirlerini goldaýan startaplaryň ýerli merkezlerini döretmekden we olara itergi bermekden ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022