Balkanda täze hususy ýyladyşhana işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanda täze hususy ýyladyşhana işe girizildi
Gök we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhananyň tutýan meýdany 5 gektara barabardyr.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çäklerinde telekeçi Halmämmet Amanmämmedowa degişli täze ýyladyşhana ulanmaga berildi.

“Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, gök we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhananyň tutýan meýdany 5 gektara barabardyr. Ýyladyşhanada Türkiýäniň we Gollandiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalary oturdylandyr.

Telekeçi H.Amanmämmedow ýyladyşhananyň gök önümleri ekmäge niýetlenen böleginde oturdylan pomidor nahallarynyň häzirki wagtda hasyl toplamaga başlandygyny belläp, ilkinji hasyly noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde ýygnamagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

“Ýyladyşhanada ýylda 1 müň tonna pomidor hasylyny ýygnamaga mümkinçilik bar. Şeýle-de geljek ýyldan başlap, bu ýerde hyýar, bolgar burçy ýaly gök önümleri hem ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär” diýip, telekeçi nygtady.

Telekeçilik işi bilen indi on ýyla golaý wagt bäri meşgullanyp gelýän ekerançy-telekeçi geljekde ýyladyşhanada ýetişdiriljek gök we miwe önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlejek kämil desgany gurmagy hem maksat edinýär.