Türkmenistanda hususy önüm öndürijilere ýer bölekleri peýdalanmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda hususy önüm öndürijilere ýer bölekleri peýdalanmaga berler
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk özgertmelerini işjeň geçirmegiň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamagyň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda “Döwlet edara-kärhanalaryna hem-de hususy önüm öndürijilere ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky” Buýruga we “Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky” Karara gol çekdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, degişli Buýrugyň we Kararyň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew tarapyndan hödürlendi.

Ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky Buýruga laýyklykda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, degişli ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bermek üçin agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes edildi.

Karara laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2021-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýyň haşal otlaryna, zyýankeşlerine, şalynyň haşal otlaryna hem-de 2021-nji ýylyň pagta hasyly üçin ekiljek gowaçanyň tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, şeýle hem çekirtge zyýankeşine garşy ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz oba hojalyk özgertmelerini işjeň geçirmegiň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamagyň möhümdigini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

2022