Türkmenistanda ýyladyşhana hojalygyny dolandyrmagyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýyladyşhana hojalygyny dolandyrmagyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy
Maslahatyň dowamynda dünýäde we Türkmenistanda ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň tejribesi barada pikir alyşyldy.

Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda oba hojalygyň we oba ýerleriň durnukly ösüşine goldaw – (SARD III)” atly taslamasynyň çäklerinde “Ýyladyşhanalarda gök önümleri ösdürip ýetişdirmek hem-de ýyladyşhana hojalygyny dolandyrmagyň esasy ugurlary” diýen mesele boýunça çarşenbe güni onlaýn maslahat geçirildi.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň habar berşi ýaly, agronom-hünärmenler hem-de ýyladyşhana hojalyklarynyň wekillerini, şeýle hem taslamanyň bilermenlerini birleşdiren çäre Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guraldy.

Maslahatyň dowamynda dünýäde we Türkmenistanda ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň tejribesi, olary ösdürmegiň, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hünärmenler ýygnananlary ýyladyşhanalary dolandyrmak, tohumlary, bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, dökünleri bermegiň, suwarmagyň, kesellere we zyýankeşlere garşy göreşmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak babatda döwrebap usullar we täzelikler bilen tanyşdyrdylar.

Gök önümleriň we gülleriň önümçiligi bilen bir hatarda, ýyladyşhanada sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin mümkinçiliklere seredildi. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna gök önümleriň eksportyna bildirilýän fitosanitar talaplara aýratyn üns berildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy meýdany 356 gektara barabar bolan 100-den gowrak hususy ýyladyşhanalar hereket edýär. Geljek ýylda ýene-de umumy meýdany 1300 gektara barabar bolan 150-ä golaý sanly ulgam esasynda dolandyrylýan ýyladyşhana toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär.