Türkmen daýhanlaryna ýer serişdeleri 99 ýyl möhlet bilen ulanmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen daýhanlaryna ýer serişdeleri 99 ýyl möhlet bilen ulanmaga berler
Önüm öndürijiler ýerleriniň özleşdirilmäge degişli böleginiň mellioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin 3 ýylyň dowamynda degişli işleri geçirmelidirler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň barşynda “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslary hem-de raýatlary üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, ýörite ýer gaznasyndan berilmegi göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek arkaly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin önüm öndürijilere ýer bölekleri 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga berler.

Şeýle hem, ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan önüm öndürijiler ýerleriniň özleşdirilmäge degişli böleginiň mellioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin 3 ýylyň dowamynda degişli işleri geçirip, soňra ekin dolanyşygyna girizmelidirler.

Ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan önüm öndürijiler döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamadan artyk öndürilen önümlerini isleglerine görä öz ygtyýarynda galdyryp ýa-da döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyryp bilerler.

Welaýatlaryň häkimliklerine önüm öndürijileriň bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça meýilnamalaryny bellemek we olaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek tabşyryldy.

2022