“Ak durna” Daşoguzda balyklaryň sanyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak durna” Daşoguzda balyklaryň sanyny artdyrýar
“Ak durna” hususy kärhanasy tüňňi maňlaý, kepir we amur balyklarynyň işbillerini tebigy ýagdaýlara ýakynlaşdyrylan şertlerde ýetişdirýär.

“Ak durna” hususy kärhanasy balykçylygy ösdürmek we balyklaryň sanyny köpeltmek ugrunda yzygiderli netijeli işleri alyp barýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti duşenbe güni habar berýär.

Hususan-da, kärhana tüňňi maňlaý, kepir we amur maýda balyklary tebigy ýagdaýlara ýakynlaşdyrylan şertlerde ýetişdirýär. Akar suwly emeli howdanda olaryň kadaly ösmegi üçin zerur ýylylyk derejesi üpjün edilýär.

Habarda bellenilşi ýaly, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde 5 gektar meýdany tutýan hususy howdan hojalygyň ýylda 40-50 tonna balyk ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikleri bar. Kärhananyň çäginde Russiýada öndürilen bäş sany inkubator, döwrebap barlaghanalar we sekiz howdan göz öňünde tutulandyr.

Ýetişdirilen balyklaryň ýarysy dürli tebigy suw howdanlaryna goýberilýär. Kompaniýa güýz paslynda Sarygamyş köline iki tonna maýda balyklary goýberdi. Kärhana balyklary suw howdanlaryna goýbermek bilen özüniň sebitde alyp barýan balyk awunyň öwezini dolýar.

Bäsleşikli söwda esasynda öňki “Daşoguzbalyk” döwlet kärhanasynyň hususylaşdyrylmagy netijesinde döredilen bu hususy kärhana ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde bu ugurdaky iň iri düzümleriň biri hasaplanýar. Kärhanada 23 sany motorly gaýyklar bilen bilelikde, kakadyjy we doňduryjy bölümleri bolan senagat zolagy hem bardyr.

2022