Türkmenistanda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak boýunça strategiýa taýýarlanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak boýunça strategiýa taýýarlanylýar
Resminamada döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny guramaga gönükdirilen anyk çäreler göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisiniň barşynda wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, resminamada “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny guramaga gönükdirilen anyk çäreler göz öňünde tutuldy.

Çäreleriň meýilnamasynda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek babatynda kanunçylyk namalaryna gaýtadan seretmek hem-de täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek, halkara tejribelerine laýyklykda, gazna biržalarynyň işini guramagy kämilleşdirmek we işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Milli Liderimiz, umuman, bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini makullap, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň taslamalaryny has-da kämilleşdirmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.