Türkmen kärendeçileri oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny artdyrýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kärendeçileri oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny artdyrýarlar
Kärendeçiniň ýerinde ýetişdirilýän şalydan alynýan tüwi önümleri “Daşoguz tüwüsi” ady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde uly islegden peýdalanýar.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda şalyçy-kärendeçi zenan Enebaý Hudaýberdiýewa şu ýyl 2,5 gektar ýere şaly ekip, onuň her gektarynyň hasyllylygyny 92 sentnere ýetirmegi başardy. Bu barada “Bereketli toprak” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kärendeçiniň ýerinde ýetişdirilýän şalydan alynýan tüwi önümleri “Daşoguz tüwüsi” ady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde uly islegden peýdalanýar.

Mundan başga-da, Mary welaýatynyň Garagum etrabyndan kärendeçi Çarymyrat Ataýew 15 gektar ýere gant şugundyr ekip, 400 tonnadan gowrak hasyl ýygnamagy başardy. Ç.Ataýew geçen ýylyň güýzünde bugdaý ekip, onuň her gektarynyň hasyllylygyny 30 sentnerden geçirmegi başardy.

Şeýle-de, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Tebigy ekin” daýhan hojalygynyň hünärmeni Adyl Saparow 99 ýyl möhlet bilen bölünip berlen 953 gektar meýdanda gök we bakja ekinleriniň 13 görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Häzirki wagtda 6 gektar meýdanda ekilen kelemiň bol hasyly ýygnalyp, 150 tonnadan gowrak kelem sarp edijilere hödürlendi.