Türkmenistan we Hytaýyň Henan welaýaty özara gatnaşyklary ýola goýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hytaýyň Henan welaýaty özara gatnaşyklary ýola goýar
Türkmen-hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine Türkmenistanda döwrebap logistika ulgamyň döredilmegi uly itergi berýär. (Surat: Xinhua)

Ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly HHR-iň Henan welaýatynyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen geçirilen mejlisde ulag hem-de logistika, söwda we oba hojalygy pudaklarynda Hytaý Halk Respublikasynyň bu welaýaty bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlise ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Türkmenýüpek” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen-hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine Türkmenistanda döwrebap logistika ulgamyň döredilmegi uly itergi berýär. Ol tutuş Ýewraziýa yklymynda döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegine gönükdirilendir.

Pikir alyşmalaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň ýol kartasyny düzmek üçin umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen onlaýn maslahatlaryň geçirilmeginiň netijeli boljakdygy bellenildi.

Gepleşige gatnaşyjylar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirip, munuň üçin ähli zerur şertleriň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygyny nygtadylar.