Türkmenistan we HPG ýurdumyzyň makroykdysady ösüşini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we HPG ýurdumyzyň makroykdysady ösüşini maslahatlaşdylar
HPG-nyň Türkmenistan bilen onlaýn gepleşikleri 28-nji ýanwara çenli dowam eder.

Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekilleri çarşenbe güni Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bilen onlaýn gepleşikleri geçirdiler. Bu barada “ORIENT.tm” habar berýär.

HPG-nyň ýolbaşçysy Natalýa Tamirisa, Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bölümleriniň ykdysatçylary, analitikleri we hünärmenleri gaznanyň wezipeleri bilen tanyşdyrdylar.

Gepleşigiň dowamynda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetiren milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynyň makroykdysady ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti ozalky ýagdaýynda işleýär, bu bolsa beýleki döwletlere garanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklamaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýle bolmagyna soňky ýyllarda işe girizilen iri, orta we kiçi kärhanalar ýardam edýär, müňlerçe iş orunlary döredilip, olarda içerki sarp ediş üçin niýetlenen, daşary ýurtlara iberilýän dürli önümler öndürilýär.

Halkara pul gaznasy 1944-nji ýylda döredilip, oňa 190 ýurt agza bolup durýar. Türkmenistan HPG-nyň düzümine 1992-nji ýylyň sentýabr aýynda goşuldy. HPG-nyň Türkmenistan bilen onlaýn gepleşikleri 28-nji ýanwara çenli dowam eder.

 
2022