Türkmenistanda Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi gurlar
Täze merkeziň düzüminde ylmy-kliniki barlaghana, fiziologiýa, diabet we umumy bölümler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi gurlar. Bu barada wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew we saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdiler.

TDH-nyň habar berşi ýaly, täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde geljekde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini öwrenmek boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.

Bu merkez bäş gatdan ybarat bolup, onuň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolar. Desganyň ýanaşyk ýerinde 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýurdumyz boýunça arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

Bu merkeziň düzüminde ylmy-kliniki barlaghana, fiziologiýa, diabet we umumy bölümler hem-de Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralary üçin okuw otaglary we beýleki bölümleri göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem, wise-premýer Durdylyýew we ministr Amannepesow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän nobatdaky saglygy goraýyş desgasy - Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasy boýunça hasabat berdiler.

Saglygy goraýyş ministriniň hasabatyna görä, 7 gatly merkeziň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň meýdançasynda 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzüminde ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden we operasiýadan soň uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň saglygyny ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde dikeltmek üçin aýratyn binalarda ýerleşdirilen bölümler, okuw hem-de kömekçi-hojalyk bölümleri göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de habarda bellenilişi ýaly, bu merkezde derman serişdelerini ulanmazdan häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalary adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylar.

2022