Türkmenistan Russiýanyň “EpiWakKorona” sanjymyny bellige aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýanyň “EpiWakKorona” sanjymyny bellige aldy
Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan soň “EpiWakKorona” sanjymy resmi taýdan hasaba alan ilkinji ýurt boldy. (Surat: TASS)

Wirusologiýa we biotehnologiýa boýunça “Wektor” Döwlet ylmy-barlag merkezi tarapyndan işlenilip düzülen “EpiWakKorona” atly Russiýanyň koronawirusa garşy ikinji sanjymy Türkmenistanda resmi taýdan bellige alyndy. Bu barada “ORIENT.tm” anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli şahadatnama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Dermanlary hasaba alyş we döwlet gözegçiligi merkezi tarapyndan remileşdirildi. Şahadatnama merkeziň farmakologiýa we farmakopeýa komitetleriniň bilermenleriniň seljermesi esasynda berildi.

Sanjym üçin hasaba alyş şahadatnamasy berlenden soň, bu derman serişdesini Türkmenistanda wirus ýokanjynyň öňüni almak üçin satyn almaga we ulanmaga rugsat berilýär.

“EpiWakKorona” Russiýada 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda bellige alnyp, hasaba alyşdan soň kliniki synaglardan geçdi. Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan soň bu sanjymy resmi taýdan hasaba alan ilkinji ýurt boldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Russiýanyň Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny hem hasaba aldy. Bu sanjym adenowirus wektor ugrunyň içgin öwrenilen platformasynyň esasynda döredilip, aýratyn koronawirus beloklaryny bedene siňdirmek üçin ulanylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, täze sanjym sintetiki platformalaryň esasynda döredilen peptid sanjymydyr. Sanjymyň düzüminde wirus beloklarynyň emeli sintezi astynda döredilen ownuk bölekler – peptidler bolup, onuň netijesinde immun ulgamy wirusy öwrenip, soňlygy bilen wirusy tanaýar we zyýansyzlandyrýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, derman serişdesi ýokary howpsuz derejesi bilen häsiýetlendirilýär.

Häzirki wagtda Aşgabatda Russiýanyň “Rospotrebnadzor” gullugynyň Döwlet ylmy-barlag merkeziniň wekilleri bu ugurda degişli işleri alyp barýarlar.

Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň aýtmagyna görä, “EpiWakKorona” sanjymy fewral aýynda uly möçberde öndürilip başlanar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022