Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Maslahatyň barşynda gurluşyk we binagärlik ministri, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, energetika ministri, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Döwlet energetika institutynyň rektorlary hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de gurluşykda öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-houlary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygy, sebitiň seýsmiki ýagdaýy nazara alnyp, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işine nägilelik bildirip, ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewe degişli düzümleriň önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek we olaryň işine berk gözegçiligi ýola goýmak barada anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa ýüzlenip halk hojalygy toplumynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini saklamak üçin kärhanalaryň düşewüntliligi, olaryň ýokary önümçiligi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz toplumyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljermek we artykmaç (zerur bolmadyk) çykdajylary aýyrmak arkaly önümiň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik edilmelidigini nygtady.
Öndürilýän harytlar üçin täze bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan erkin ýörgünli daşary ýurt pulundaky serişdeleri artdyrmak möhümdir diýip, Döwlet Baştutanymyz tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik maksatly import harytlarynyň, çig malyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny gazanmagyň möhümdigini belläp, bu harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde aýna we aýna önümleriniň daşary ýurtdan getirilýändigini, walýutada çykdajy edilýändigini belläp, “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň önümçilik kuwwatyny we önümleriniň görnüşini köpeltmek, eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.
Maslahatyň dowamynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýewe berk käýinç yglan etdi.