Türkmenistanyň Prezidenti ýük uçarlarynyň sanyny artdyrmagy tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ýük uçarlarynyň sanyny artdyrmagy tabşyrdy
Häzirki wagtda Boeing B777-200LR kysymly howa gämisiniň bagaž böleginde ýükleri daşamak boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni geçiren iş maslahatynyň dowamynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburowa dünýäde häzirki wagtda awiaýolagçylaryň azalandygyny göz öňünde tutup, täze ýük uçarlaryny satyn almagy we uçarlaryň ýük daşaýjylyk ukybyny artdyrmagy tabşyrdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz agentligiň başlygy D.Saburowa howa gämilerinde düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini we tehniki hyzmatlary öz wagtynda geçirmegi, uçuşlaryň ygtybarly we howpsuz bolmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Agentligiň howa menzillerinde döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça zerur çäreleri görüp, howa menzillerini has netijeli ulanylmagyny üpjün etmeli diýip, Milli Liderimiz nygtady.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýük daşamagyň meýilnamasy 106,1 % berjaý edildi. 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Türkmenbaşy we Türkmenabat Halkara howa menzillerine daşary ýurt howa gämileriniň tehniki uçuş-gonuş işleri amala aşyrylyp başlandy.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, IL-76 kysymly ýük howa gämisinde hepdede bir gezek Aşgabat-Stambul-Aşgabat we Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýük gatnawlary ýola goýuldy. Häzirki wagtda Aziýadan Ýewropa hem-de Ýewropadan Aziýa sebitine Boeing B777-200LR kysymly howa gämisiniň bagaž böleginde ýükleri daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanwar aýynda gol çeken Karary esasynda, “Türkmenhowaýollary” agentligine Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gol çekilen resminama laýyklykda, fransuz kompaniýasyndan “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ulanylan ýük howa gämisi satyn alnar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022