Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Karara gol çekip, “Türkmenhowaýollary” agentligine Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, gol çekilen resminama laýyklykda, fransuz kompaniýasyndan “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ulanylan ýük howa gämisi satyn alnar.
Howa ulaglarynyň satyn alynmagy “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen bagly bolup, täze ulaglaryň kömegi bilen ýük gatnawlarynyň möçberleri artdyrylar.
“Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Blanýak şäherinde ýerleşip, Kompaniýa ýolagçy, ýük we harby ulag uçarlaryny öndürýär.