Mary welaýatynda ýerleşýän “Lälezar zaman” hususy kärhanasy 2021-nji ýylyň ýylyň mart aýynda polimer galyp listleriniň 700-e golaýyny Türkiýä eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, şeýle-de kompaniýanyň önümlerini Germaniýadan, Gruziýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geçen ýyl telekeçiler 165 tonnadan gowrak plastmassa önümlerini daşary ýurda ugratdylar. Azerbaýjanyň, Owganystanyň we Gazagystanyň wekilleri 110 müň ABŞ dollaryndan gowrak önüm satyn aldylar.
Kärhana önümleri üçin çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alýar. Häzirki wagtda zawod takmynan 20 görnüşli howpsuz we ekologiýa taýdan arassa önüm öndürýär.
Kompaniýanyň önümleri amatlylygy we hili bilen tapawutlanýar. Önümlere çyglylyk ýa-da ýokary temperatura täsir etmeýär we ulanyş möhleti gutarandan soň olary gaýtadan işläp bolýar.
“Lälezar zaman” hususy kärhanasy 2012-nji ýylda esaslandyrylyp, plastik önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürmekde ýöriteleşdirilendir. Kompaniýanyň ýokary tehnologiýaly enjamlary gündelik 10 müň metr uzynlykda ýokary hilli gurluşyk materiallaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.