Türkmenistanda Maýa goýum forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Maýa goýum forumy geçiriler
Türkmenistanda 8-9-njy aprelde ýurduň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde Maýa goýum forumy geçiriler.

Türkmenistanda 8-9-njy aprelde ýurduň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde Maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Bu barada wise-premýer Baýramgeldi Öwezow anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa maýa goýum forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada beren hasabatynda habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda bellenilşi ýaly, ulag we aragatnaşyk toplumynyň häzirki zaman düzümini nazara alyp, türkmen telekeçileriniň we önüm öndürijileriniň maýa goýum serişdelerini çekmek arkaly ykdysadyýetimizde hususy pudak bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilýändigini, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklip hakynda aýdyp, bazar gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda öwrenmegiň, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň talaplaryna yzygiderli seljermeleri geçirmegiň, türkmen telekeçileriniň ulag-aragatnaşyk toplumynda ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeleri we innowasion usullary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

2022