“SynToprak” hojalyk jemgyýeti “Emel” haryt nyşanly zyýansyzlandyryş serişdeleriniň önümçiliginiň hatarynda ýörite gapy we stol tämizleýji zyýansyzlandyryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy.
“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, antiseptik serişdeleri 500 millilitrlik, şeýle-de buýurmalar esasynda dürli ölçegdäki gaplara gaplanýar. Täze önümler öýlerde we iş ýerlerinde gapydyr stollary tämizlemek üçin niýetlenendir.
Mundan başga-da, bu hojalyk jemgyýetinde elleri zyýansyzlandyryjy serişdeler 100 we 150 millilitrlik çüýşelere gaplanyp, ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ýetirilýär. Şeýle-de bu ýerde limon we lawanda ysly atyrlaryň önümçiligi ýola goýlandyr.
“SynToprak” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda “Emel” haryt nyşanly zyýansyzlandyryjy we antiseptiki serişdeleriniň önümçiligini ýola goýup, öndürýän önümlerini sarp edijilere ýetirdi.
Geljekde hoşboý ysly serişdeleriň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem saçyň düşmegine garşy täsirli şampunlaryň, duş üçin gelleriň önümçiligine başlamak meýilleşdirilýär.