“SynToprak” täze antiseptigiň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“SynToprak” täze antiseptigiň önümçiligini ýola goýdy
Serişdeleriň düzüminde spirtiň 80%-e barabar bolmagy önümiň dessine adamyň ellerini zyýansyzlandyryp, 24 sagadyň dowamynda mikroblardan goraýar.

“SynToprak” hojalyk jemgyýeti oktýabr aýynda “EMEL” haryt nyşanly zyýansyzlandyryjy we antiseptiki serişdeleriniň önümçiligini ýola goýup, öndürýän önümlerini sarp edijilere ýetirdi.

Kompaniýanyň laboratoriýa hünärmeni Myrat Hojamyradowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine aýtmagyna görä, Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhananyň önümçilik bölüminde aýda 20 müň çüýşe antiseptik öndürilýär. Kompaniýanyň önümçilik kuwwaty günde 1 tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Antiseptikler 100 ml we 150 ml çüýşelere gaplanýarlar.

Serişdeleriň düzüminde spirtiň 80%-e barabar bolmagy önümiň dessine adamyň ellerini zyýansyzlandyryp, 24 sagadyň dowamynda mikroplardan goraýar. Spirtden başga-da serişdeleriň düzümine wodorod peroksidi hem girýär.

Häzirki wagtda kompaniýa önümleriniň ulanylyş gerimini giňeltmek boýunça synag işleri alyp barýar. Mysal üçin, “Emel” antiseptiklerini ýanyk şikesleriň bejergisinde ulanmak mümkinçilikleri öwrenilýär, sebäbi serişdä derini ýumşadýan gliserin we narpyz ysly aromatizator goşulýar.

Kompaniýa sarp edijilere hödürlenýän önümleriň görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, Owganystan we Özbegistan ýaly ýurtlara harytlary eksport etmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygyň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022