Türkmenistanyň raýatlarynyň banklardaky goýumlarynyň möçberi mälim edildi

Merdan Jumaýew
Türkmenistanyň raýatlarynyň banklardaky goýumlarynyň möçberi mälim edildi
2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň paýdarlar täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 6 milliard 41 million manada deň boldy.

2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň karz edaralaryndaky goýumlarynyň umumy möçberi 28 milliard 697 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 11,3% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna goýumlaryň umumy möçberi 25 milliard 789 million manada deň bolupdy.

Bank gözegçiligi müdirliginiň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň paýdarlar täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 6 milliard 41 million manada deň bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 273% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 2 milliard 212 million manada barabar bolupdy.

Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň döwlet täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 22 milliard 649 million manada deň bolup, daşary ýurt banklarynyň şahamçalarynda goýlan goýumlaryň umumy möçberi 7 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy.

Merdan Jumaýew

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistranty

2022