“Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy
“Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň öňdebaryjy täjirçilik banklarynyň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda duşenbe güni “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, “Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Açylyş dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň binasyna baryp, maliýe edarasynyň täze desgasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy. Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr. Edaralaryň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär.

Täze binanyň iş otaglary döwrebap kompýuter enjamlary bilen doly üpjün edilendir . Bankyň bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul etmäge mümkinçiligi bardyr.

Soňra, Milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze edara binasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy. Onuň umumy meýdany 16 müň inedördül metrden gowrakdyr. Beýikligi 76,5 metre, ini bolsa 35,5 metre barabardyr.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň öňdebaryjy täjirçilik banklarynyň biridir, ýurdumyzda bankyň 13 şahamçasy hem-de bir bank gullugy işjeň hereket edýär.

2022