Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Balkan welaýaty köp sanly möhüm görkezijilerde ýokary ösüş depginini görkezdi. Balkan welaýatynda 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde senagat önümleriniň 3 milliard 396 million manatlyga barabary taýýarlanylyp, içerki we daşarky bazarlara ugradyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar berşi ýaly, Balkan welaýaty boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygy 1 milliard 527 million manada barabar bolup, bu ugurda 118% ösüş depgini hasaba alyndy. Şol döwürde ýola goýlan bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynyň 1 milliard 400 million manatlykdan gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşdi.
Mundan başga-da, elektrik energiýasyny ýerleşdirmekde welaýatyň ösüş depgini 115%-e barabar boldy.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Balkan welaýatynda ýerleşýän Gazy toplamak we paýlamak boýunça Balkanabat müdirliginiň düzümine girýän gaz kompressor beketlerinde 961 million 82 müň kubmetr “mawy ýangyç” taýýarlanyldy we sarp edijilere iberildi.