2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň karz edaralaryndaky goýumlarynyň umumy möçberi 29 milliard 82 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 5,4% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank gözegçiligi müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna goýumlaryň umumy möçberi 27 milliard 593 million manada deň bolupdy.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň paýdarlar täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 6 milliard 424 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 253% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna bu goýumlaryň umumy möçberi 2 milliard 536 million manada barabar bolupdy.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň döwlet täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 22 milliard 650 million manada deň bolup, daşary ýurt banklarynyň şahamçalarynda goýlan goýumlaryň umumy möçberi 7 million manada barabar boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky gol çeken Karary esasynda “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk hukuk görnüşi üýtgedilip, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna öwrüldi.