Türk kompaniýasynyň $500 millionlyk jedeli Türkmenistanyň haýryna çözüldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türk kompaniýasynyň $500 millionlyk jedeli Türkmenistanyň haýryna çözüldi
Maýa goýum jedellerini çözmegiň halkara merkeziniň tribunaly “Sehil” türk gurluşyk kompaniýasynyň Türkmenistana garşy bildirilýän ähli şikaýatlary ret etdi.

Bütindünýä bankynyň Maýa goýum jedelleri boýunça halkara merkezi (ISCID) “Sehil” türk gurluşyk kompaniýasynyň takmynan 500 million ABŞ dollarlyk kazyýat işini Türkmenistanyň peýdasyna çözdi. Türkmenistan iň uly maýa goýum şertnamasynyň arbitraž ýeňişini gazandy. Bu barada ISCID-de Türkmenistanyň bähbitlerini goran “Squire Patton Boggs” hukuk firmasy sişenbe güni metbugat beýanatynda habar berdi.

“Muhammet Çap we “Sehil” Türkmenistana garşy” atly kazyýet işi 9 ýyl mundan ozal Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn maýa goýum şertnamasy esasynda türk kompaniýasy we onuň esasy paýdary tarapyndan hasaba alnypdy. Bu dawa Türkmenistanda suw we galyndylary gaýtadan işleýän zawodlar, demir we polat zawody, mekdepler we hökümet binalary ýaly 32 sany gurluşyk taslamalaryny öz içine alýar.

“Sehil” kompaniýasy bilen şertnama baglaşan taraplaryň öz şertnama borçlaryny kanuna laýyklykda we täjirçilik mümkinçiliklerine görä hereket edendiklerini, Türkmenistanyň kazyýetleriniň, salgyt gullugynyň we prokurorlarynyň Türkmenistanyň kanunlaryna we kadalaryna laýyklykda hereket edendigini aýtdy. Şeýle-hem adalatsyz jerimelere we şertnamalary ýatyrmak boýunça kazyýet kararlaryna sezewar edilendiklerini bellediler. Türkmenistan bolsa öz gezeginde “Sehiliň” şertnamalaýyn borçlaryny ýerine ýetirmezligi, kemçilikli işleri we tamamlamandyk gurluşygy üçin onuň bilen baglaşylan şertnamalaryň ýatyrylandygyny we oňa jerimeleriň salnandygyny belledi.

Halkara tribunal Türkmenistana garşy bildirilen ähli şikaýatlary ret etdi. “Sehil” kompaniýasynyň şertnamalaýyn taraplarynyň öz şertnama borçlaryny kanuna laýyklykda we täjirçilik mümkinçiliklerine görä hereket edendiklerini, Türkmenistanyň kazyýetleriniň, salgyt gullugynyň we prokurorlarynyň Türkmenistanyň kanunlaryna we kadalaryna laýyklykda hereket edendigini aýtdy.

2020-nji ýylyň aprel aýynda ISCID “Lotus Holding” türk kompaniýasynyň hem Türkmenistana garşy eden ähli talaplaryny ret edipdi.

2022