Gazagystan türkmen çalgy ýaglarynyň importy bilen gyzyklanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan türkmen çalgy ýaglarynyň importy bilen gyzyklanýar
Murat Jurabekow Türkmenistanyň nebithimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki gazanan tejribesine gyzyklanma bildirdi. (Surat: "MIR")

Türkmenistanyň paýtagtyna sişenbe güni resmi iş sapary bilen gelen Gazagystanyň Energetika ministriniň orunbasary Murat Jurabekow Türkmenistanyň birnäçe pudak edaralarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada “MIR” Döwletara teleradiokompaniýasy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Murat Jurabekow Türkmenistanyň nebithimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki gazanan tejribesine gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem, taraplar Gazagystany türkmen çalgy ýaglary bilen üpjün etmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Biz ýangyç-energetika toplumy babatynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Esasan hem, Türkmenistanyň nebithimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki tejribesi bilen gyzyklanýarys” diýip, Murat Jurabekow belledi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan Gazagystana eksport edilen önümleriň möçberi 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 99,2% ýokarlandy.

2022