Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan yglan edilen bäsleşiklere (tenderlere) gatnaşýan kärhanalar mundan beýläk internet ulgamy arkaly guramaçylara tender ýüz tutmasyny (kotirowkalaryny) iberip bilerler.
“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgeşmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny anna güni ýurdumyzyň resmi metbugatynda çap edilmegi bilen güýje girdi.
Mundan ozal, tendere gatnaşmak üçin tender ýüz tutmasy potensial üpjün ediji (potratçy) tarapyndan goly goýlup möhür bilen berkidilen ýazmaça görnüşinde we möhürlenen bukjada (bukjalarda) iberilýärdi.
Täze resminama esasynda bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) berilýän möhletleri we görnüşi bilen bagly ýokarda agzalan kanunyň 22-nji maddasyna üýtgetme girizildi. Üýtgetmä görä, tender teklibi indi gatnaşyjynyň elektron sanly goly bilen tassyklamak arkaly bäsleşigiň guramaçysynyň elektron salgysyna iberilip bilner.
Kanunyň 8-nji maddasyna girizilen üýtgetmä laýyklykda, mundan beýläk bäsleşigi guraýjylar bildirişleri diňe bir metbugatda çap etmän, internet ulgamynyň üsti bilen hem habar bermeli. Şeýle hem, olaryň bäsleşige gatnaşmak üçin potensial üpjün edijilere internet ulgamynyň üsti bilen çakylyk ugratmaga hukuklary bar.
Şeýle hem, tender işleriniň dowamynda habar bermegiň dürli görnüşleri bilen bagly degişli kanunyň 33-nji maddasyna üýtgetmeler girizildi. Tender işleri wagtynda dürli bildirişler indi elektron resminama görnüşinde hem ýerine ýetirilip bilner. Bu üýtgetmeden öň bildirişleriň diňe ýazmaça görnüşde ýerine ýetirilmegi talap edilýärdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze Kanuna 5-nji iýunda gol çekdi.