“Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti ýylyň başyndan bäri 200 tonna golaý polietilen we polipropilen suw hem gasynlanan lagym turbalaryny öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu kompaniýa diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli bolan himiki täsire durnukly, uzak wagtyň dowamynda ýokary basyşa çydamly polietilen we polipropilen suw hem gasynlanan lagym turbalarynyň öndürilişini artdyrýar. Önümçilik üçin çig malyň esasy bölegi Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumyndan getirilýär.
Hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda turba çykarýan üç desga: uly we kiçi diametrli suw turbalary üçin КМЕ 105/36, uly diametrli gasynly lagym turbalary üçin UC- 315/48, elektrik simlerini geçirmek üçin kiçi diametrli gasynly turbalar üçin bolsa UC-36/50 kysymly desgalary işe girizdi.
Şeýle hem, kärhana on ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyza dürli abzaldyr maşynlary we mehanizmleri getirmek hem-de senagat desgalaryny gurmak bilen meşgullanýar.
“Türkmen enjam” HJ Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 1 million tonna bolan sement zawodyny gurmak üçin geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolupdy. Kärhana bu desgany 2022-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýär.