Türkmenistanda 10 megawatlyk utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 10 megawatlyk utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi gurlar
Bekediň daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik bermegine garaşylýar.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň energetika ministri Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sişenbe güni paýtagtymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda hasabat berdi.

Ministriň hasabatyna görä, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik beketleri goşmaça tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle hem ministr hormatly Prezidentimize Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasyny hödürledi.

Bu işiň geçirilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň netijeliligi 34%-den 52%-e çenli ýokarlanjakdygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, hasabatyň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Soňra energetika ministri Çarymyrat Purçekow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy, toplumda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, merkeziň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Şeýle-de ministr umumy eýeleýän meýdany 29 müň inedördül metrden gowrak bolan bu merkeziň ulanyşa girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň dörejekdigini belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, bu işleriň geçirilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň netijeliligi 34 göterimden 52 göterime çenli ýokarlanar.

Abu-Dabi Ösüş gaznasy (ADÖG) we Türkmenistanyň Hökümeti 10-njy iýunda Türkmenistanda bahasy 92 million dirhama (takmynan 25 million ABŞ dollara) barabar bolan gibrid usulda işleýän 10 megawatlyk elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça şertnama gol çekdiler.

2022