“Gazprom” Özbegistana 1,5 milliard kub metr türkmen gazyny iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gazprom” Özbegistana 1,5 milliard kub metr türkmen gazyny iberdi
“Gazprom” 2020-nji ýyldan bäri Özbegistana türkmen gazyny iberip başlady. (Surat: TASS)

“Gazprom” 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Özbegistana 1 milliard 500 million kub metr türkmen gazyny iberdi. Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň ýewro obligasiýalary boýunça resminamalaryna salgylanyp, “Interfaks” habar gullugy duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna gaz satyjydan alyja öwrüldi. Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna 2018-nji ýylda 3 milliard 800 million kub metr tebigy gazy satdy. 2019-njy ýylda Özbegistan satýan gazynyň mukdaryny 4 milliard 900 million kub metre çenli artdyrdy. 2020-nji ýylda bolsa rus kompaniýasyna gaz satmagyny doly togtatdy. Ýakynda ýaýradylan resminamalar 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde hem özbek gazynyň rus kompaniýasyna satylmandygyny tassyklaýar.

Mundan başga-da, “Gazprom” 2020-nji ýyldan bäri Özbegistana türkmen gazyny iberip başlady. Iberilen tebigy gazyň mukdary 2020-nji ýylda 0,9 milliard kub metre, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 1 milliard 500 million kub metre barabar boldy.

Özbegistan rus kompaniýasyndan 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde özüniň Hytaýa eksport eden gazyndan (0,54 milliard kub metr) üç esse köp türkmen gazyny satyn aldy.

Maý aýynda özbek gazy bilen ýüze çykan ýagdaýy teswirlän “Gazprom” müdirliginiň başlygynyň orunbasary, “Gazprom eksport” kompaniýasynyň baş müdiri Ýelena Burmistrowa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häzirki wagtda örän çalt depginde ösýändigini we Özbegistanda gazyň sarp edilişiniň ýokarlanýandygyny belläp, şol sebäpden kompaniýanyň sebitden, esasan hem, Özbegistandan satyn alýan tebigy gazynyň mukdaryny azaldýandygyny aýtdy.

“Gazprom” 2019-njy ýylda türkmen gazyny gaýtadan satyn alyp başlady. Şol ýyl Rus kompaniýasy  Türkmenistandan 4 milliard kub metr tebigy gazy satyn aldy. 2020-nji ýylda türkmen gazynyň “Gazprom” kompaniýasyna satylan mukdary 4 milliard 700 kub metre (Özbegistana iberilen gazy hasaba almak bilen) çenli ýokarlandy. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa Türkmenistandan satyn alnan gazyň mukdary geçen ýylky 1 milliard 300 million kub metrden 2 milliard 200 million kub metre çenli artdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022