Türkmenistanda 1,4 million tonnadan gowrak bugdaý ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 1,4 million tonnadan gowrak bugdaý ýygnaldy
Türkmenistan boýunça umumy 690 müň gektar meýdandan bugdaý ýygnaldy.

Türkmen daýhanlary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi.

Hasabatlara görä, Ahal welaýatynyň gallaçylary 400 müň tonnadan gowrak, Balkan welaýatynyň ekerançylary 80 müň tonna, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary 265 müň tonna, Lebap welaýatynyň gallaçylary 310 müň tonna, Mary welaýatynyň daýhanlary 345 müň tonna azyklyk bugdaýy ýygnadylar.

Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa 11-nji iýunda umumy 690 müň gektar meýdanda galla oragyna girişipdiler. Şu ýyl galla oragy möwsüminde galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müň 111 sanysy işe girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022