CNPC “Galkynyş” gaz käninde 3 guýynyň gurluşygyny tamamlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
CNPC “Galkynyş” gaz käninde 3 guýynyň gurluşygyny tamamlar
“Galkynyş” gaz känindäki üç gaz guýusynyň gurluşygyny 30 aýyň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Hytaýyň “CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited” kompaniýasy Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlar we olary ulanmaga berer.

Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde, ýokarda agzalan Hytaý kompaniýasy bilen üç gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary ulanmaga bermek hakynda şertnama baglaşylar.

Şertnama boýunça hasaplaşyklary Hytaýa tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrmak we işleri 30 aýyň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Bu guýularyň gurluşyk işlerine ilkibaşda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Gulf Oil & Gas FZE” kompaniýasy tarapyndan başlanypdy, emma doly tamamlanylmandy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginiň, şeýle hem ýakynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen bolan duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hakynda” Karara gol çekip, bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň iýun aýynyň 18-ne geçirilen mejlisinde wise-premýer Şahym Abdrahmanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde täze guýularyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça yglan eden bäsleşiginde Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) ýeňiş gazanandygy barada hasabat beripdi. Hasabata görä, bu taslama 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek we amala aşyryljak işler üçin hasaplaşyklary 3 ýylyň dowamynda tebigy gazy ugratmagyň hasabyna geçirmek meýilleşdirilýär.