Hytaýyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaýyň Daşary işler ministri Wan Iniň duşuşygy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Hytaýyň DIM-i)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumynda sişenbe güni Aşgabada iki günlük resmi iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyz we Hytaýyň daşary işler ministri taraplaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki döwletiň halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygynyň özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýändigini bellediler.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlygyň 5 ýyl üçin Maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar we bu maksatnamanyň hyzmatdaşlygyň özara ylalaşylan ugurlary boýunça anyk taslamalary we çäreleri meýilleşdirmäge hem-de yzygiderli amala aşyrmaga mümkinçilik berer diýip nygtadylar.

Şeýle hem duşuşykda ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmek boýunça başyny başlan strategiýasynyň hem-de hytaýly hyzmatdaşlaryň “Bir guşak — bir ýol” taslamasynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Mundan başga-da, gepleşigiň dowamynda tutuş dünýäni gurşap alan howply koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göreşmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar tutuş adamzada howp salýan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde toplanan oňyn tejribäni alyşmak bilen, lukmançylyk ulgamynda mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy.

Hytaýyň Daşary işler ministriniň Wan Iniň Türkmenistana sapary Täjigistany we Özbegistany hem öz içine alýan Merkezi Aziýa bäş günlük saparynyň bir bölegidir.

2022