Türkmenistanda döwlet maksatnamasynyň çäginde 111 müňe golaý iş orunlary döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda döwlet maksatnamasynyň çäginde 111 müňe golaý iş orunlary döredildi
Kaka etrabyndaky täze dokma toplumynyň açylmagy bilen 1 müň 300 hünärmen üçin iş ýerleri döredildi.

“Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda meýilnamalaşdyrylan döwürde 111 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary Maýagözel Babaýewanyň Türkmenistanyň resmi metbugatynda sişenbe güni çap edilen teswirinde aýdylýar.

Habara görä, ykdysadyýetde iş bilen meşgullanýanlaryň 75% golaýy hususy pudakda zähmet çekýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige berilýän yzygiderli goldaw onuň geriminiň mundan beýläk-de giňelmegine ýardam edýär.

Jemi içerki önümde hususyýetçiligiň paýynyň 70% golaýlamagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hususy bölegiň tutýan ornunyň uludygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär diýip, Maýagözel Babaýewa belledi.

Şeýle-de müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň bellemegine görä, häzirki döwürde gaýtadan işleýän senagaty, durmuş maksatly pudaklary ösdürmäge niýetlenen düýpli maýa goýum maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy täze iş orunlarynyň döredilmegine, netijede, iş üpjünçiligini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Hususan-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” geljek döwür üçin milli ykdysadyýetimiziň ösüş ugurlaryny kesgitleýän möhüm resminama bolup, şu döwürde täze iş orunlarynyň on müňlerçesini döretmek göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, awgustyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabyndaky täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu iri toplumynyň açylmagy bilen 1 müň 300 hünärmen üçin iş ýerleri döredildi.

2022