Türkmenistanyň Prezidenti täze dokma toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti täze dokma toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Kaka dokma toplumy, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Kaka etrabyndaky täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasy üçin ýygnananlara ýüzlenip, şu gün biz ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagaty pudagynda ýene-de bir täze desganyň – Kaka etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere ýygnandyk diýip belledi.

Kaka dokma toplumy iri önümçilik kärhanasy bolup, onuň umumy bahasy 147 million 850 müň ABŞ dollaryna barabardyr. Bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 müň 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Bu iri toplumyň işe girizilmegi bilen, onda 1 müň 300 hünärmen zähmet çeker.

Toplumyň tutýan meýdany 18 gektardan ybarat bolup, onda önümçilik binalaryndan başga-da 2 gatly edara binasy, önümçilik ammarlary, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk binalary, awtoulag duralgalary bardyr. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly şertleri döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, 2 sany 16 orunlyk myhmanhana ýerleşýär.

Bu dokma toplumy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy, ýagny bu toplumda Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň ýüplük egriji enjamlary, Belgiýanyň mata dokaýan, Italiýanyň, Türkiýäniň we Germaniýanyň boýag enjamlary hem-de Ýaponiýanyň tikinçilik enjamlary ornaşdyryldy.

Dokma toplumynyň egirme fabriginde ýurdumyzda öň öndürilmedik “kompakt-penýe” kysymly nah ýüplüginiň ýylda 3 müň 650 tonnasyny, şeýle hem garyşyk ýüplükleri öndürmek mümkinçiligi döredildi.

Kaka etrabynda gurlan täze dokma toplumyna ISO 9001 we SA 8000 güwänamalary, şeýle-de önümçilik ulgamynyň ähli tapgyrlarynda zyýanly himiki serişdeleriň ýoklugyny we onuň howpsuzlygyny tassyklaýan OEKO-TEХ Standard 100 güwänamasy gowşuryldy.

Mundan başga-da milli Liderimiz häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda umumy bahasy 151 million 800 müň ABŞ dollaryna deň bolan, önümçilik kuwwaty bir ýylda 3 müň 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply dokma toplumynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny nygtady.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň dokma pudagynyň garamagynda 60-dan gowrak kärhana bolup, olarda 24 müňden gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kärhanalaryň dokma önümleri häzirki wagtda dünýäniň onlarça döwletine eksport edilýär.

2022