Professor Türkmenistanda pagta ýygymynyň häzirki şertleri barada gürrüň berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Professor Türkmenistanda pagta ýygymynyň häzirki şertleri barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndan başga ähli ýerlerinde pagta ýygymyna resmi taýdan girişildi.

Türkmenistanda geçirilýän düýpli özgertmeleriň we zerur tehnikalar bolan kombaýnlaryň, traktorlaryň we beýleki enjamlaryň satyn alynmagy netijesinde pagta ýygymçylaryň zähmeti azaldyldy. Bu barada tehniki ylymlaryň doktory, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professory Kadyr Myradow duşenbe güni “GDA-nyň sesi” onlaýn radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Professoryň aýtmagyna görä, şu ýyl ýurdumyzda pagtanyň baý hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzir oba zähmetkeşleriniň baş wezipesi ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr.

Professor Myradowyň pikiriçe, pagtaçylyk Türkmenistanda haryt öndürmegiň möhüm pudagy bolup, ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň toprak-howa şertleri orta we inçe süýümli pagta görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertleri döredýär.

TOHU-nyň professory ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşi barada hem durup geçdi. Bu pudak häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dokma toplumlarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar. Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen täze dokma toplumy işe girizildi. “Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kärhana ýokary hilli ýüplük, matalaryň we taýýar tikin önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen dokma önümlerine içerki we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär” diýip, professor Kadyr Myradow belledi.

Oba hojalygyndaky düýpli özgertmeler netijesinde bu pudagyň mümkinçilikleri artýar diýip, professor Myradow aýtdy. Döwrebap senagat we hyzmat infrastrukturasynyň döredilmegi, ýer we suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanylmagy hem-de oba hojalygynyň medeniýetiniň ösdürilmegi bu özgerişleriň möhüm ugurlarydyr. Ekerançylyk ýerlerinde meliorasiýa we suwaryş işleriniň geçirilişine, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadynyň täzelenilmegine köp mukdarda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

“Türkmenistanyň dünýäniň belli öndürijilerden oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýandygy hem bellenildi. Ýygym möwsüminde täze “John Deere 9970” kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 1 müňüsi, pagta daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müň 227-si, traktorlaryň 2 müň 301-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 620-si ulanylar” diýip, TOHU-nyň professory Kadyr Myradow aýtdy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda ylmy seçgiçilige, gowaçanyň ýokary hasylly täze görnüşleriniň döredilmegine uly ähmiýet berilýär diýip, professor nygtady. Oba hojalygyny sanly ulgama geçirmek, takyk ekerançylyk ulgamlaryny, öňdebaryjy agrotehnikalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini artdyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. “Bu çäreleriň hemmesi amatly iş şertlerini döretmäge we oba hojalygynyň öndürijileriniň el zähmetini ulanmagy aradan aýyrmaga gönükdirilendir” diýip, Kadyr Myradow belledi.

Professor Myradowyň bellemegine görä, ýokardaky şertleriň döredilmegine garamazdan, kärendeçiler özleri ösdürip ýetişdiren pagta hasyllaryny elde ýygnamaklyga çalyşýarlar. Pagtany el bilen ýygnamak ýokary hilli süýümiň gazanylmagy we pagta ýygnamak üçin mynasyp tölegiň berilmegi bilen baglanyşyklydyr. Döwletiň beýle islegi inkär etmäge hukugy ýokdur we Zähmet kodeksiniň talaplaryny we bu ugurdaky işleri düzgünleşdirýän beýleki düzgünleri berjaý eden halatynda daýhanlaryň işine hemişe hormat goýar.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndan başga ähli ýerlerinde pagta ýygymyna resmi taýdan girişildi. Howa şertleri sebäpli ýurdumyzyň demirgazyk böleginde pagta ýygymy 15-nji sentýabrda başlar.