Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) wodorod önümçilik desgasyny gurmagy meýilleşdirýär.
TNGIZT-iň önümçilik desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak we işe girizmek boýunça degişli halkara tenderi “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde şenbe güni çap edildi.
Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 60 iş günleriniň dowamynda kabul edilýär.
1943-nji ýylda döredilen TNGIZT Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerişlikleri başdan geçirdi. Ol häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öňdebaryjy nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň biridir.
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän bu toplum nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit we nebithimiýa önümlerini, şol sanda polipropilen we suwuklandyrylan tebigy gazyny öndürýär, şeýle hem olary içerki we daşarky bazarlara ýerlemek işlerini alyp barýar.
Şu ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynda ýerleşýän tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyna iş saparynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ösen döwletlerinde geljegiň ýangyjy hökmünde strategiýasy işlenip taýýarlanan we giňden öwrenilýän wodorod önümçiligini hem ýola goýmak mümkinçiliklerini üns merkezde saklamagyň maksadalaýykdygyny belledi.