Türkmenistan Glazgoda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Glazgoda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar
Glazgo, Beýik Britaniýa

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde ýekşenbe güni öz işine başlan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — halkara forumyň 26-njy mejlisinde döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.

Türkmenistan dünýäde howanyň üýtgemegine garşy durmak boýunça birnäçe teklipleri hödürledi. Hususan-da, Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak we beýleki teklipler öňe sürüldi.

Habarda bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegine garşy durmak maksady bilen ýurdumyzda möhüm tebigaty goraýyş taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar, ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär, şonuň çäklerinde her ýylda agaç nahallarynyň millionlarçasy ekilýär. Şu ýyl Türkmenistanda agaç nahallarynyň 30 millionyny oturtmak meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022