Türkmenistanyň gaz gorlarynyň möçberi 126 milliard kubmetr artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň gaz gorlarynyň möçberi 126 milliard kubmetr artdy
Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Türkmenistanda täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň möçberi 126 milliard kubmetr artdy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen “Malaý” gaz käninde geçiren iş maslahatynyň dowamynda belledi.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow, nebitgaz senagaty edaralarynyň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň Mary welaýaty boýunça ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary we bu sebitiň häkimi gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipäniň durýandygyny belläp, olaryň nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de maslahatyň barşynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, ylym babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Mary welaýatyna hem iş saparyny amala aşyrdy we onuň çäklerinde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz käniniň işleri bilen tanyşdy.

2022