Kuwwatlylygy 254 megawatdan köp bolan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasyny ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçiren maslahatynyň dowamynda aýtdy.
Iş maslahatyna ýurdumyzyň energetika ulgamynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Energetika ministrliginiň welaýat düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Bu çäräniň amala aşyrylmagy tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz Ahal-Balkan-Daşoguz ugurlary boýunça gurulýan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşine batly itergi berjek ygtybarly energiýa çeşmeleriniň ýene-de biriniň dörediljekdigine ünsi çekdi.
Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasynyň Eýrana, Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana iberilýändigini aýdyp, Milli Liderimiz ony Özbegistanyň we Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara hem ibermek mümkinçiliginiň bardygyny nygtady.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow ýurdumyzda bir bitewi energoulgamy döretmek boýunça Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan taslamany amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan-Daşoguz elektrik geçirijisiniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Gurluşyk meýdançasynda Milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň energoulgamynyň ösüşi, onuň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler we täze döredilýän kuwwatlyklar barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar, olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi.