Täjigistan suwuklandyrylan türkmen gazynyň importyny artdyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täjigistan suwuklandyrylan türkmen gazynyň importyny artdyrmakçy
Geçen ýyl Türkmenistan Täjigistany 5 müň tonna suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etdi.

Täjigistan suwuklandyrylan gaz bilen ýerli bazary üpjün edijileriň sanawyny giňeldip, indi Türkmenistandan has köp gaz alar diýip, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma sişenbe güni habarçylara beren beýanatynda mälim etdi.

Daler Jumanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu ýangyç bilen Täjigistany üpjün edijiler Russiýa bilen Gazagystandyr.

Şeýle-de ministriň bellemegine görä, indi Täjigistan Türkmenistandan has köp gaz alar. Ýaňy-ýakynda iki ýurduň arasynda bu ýangyjy Täjigistana çäksiz möçberde ugratmak boýunça şertnama baglaşyldy. Bu barada “Sputnik Tajikistan” täzelikler saýty habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Täjigistana 5 müň tonna suwuklandyrylan gaz ugratdy. Täjigistan umumy geçen ýyl boýunça 410 müň tonna ýangyç import etdi. Onuň 360 tonnasy Gazagystandan, galan bölegi bolsa Russiýadan gelip gowuşdy.

Ýatladyp geçsek, 2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşypdy. Onuň dowamynda taraplar  iki hökümetiň arasynda harytlary we ýolagçy gatnawlary üstaşyr geçirmek, şeýle hem nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny daşamak ýaly ugurlary öz içine alýan 19 sany hyzmatdaşlyk resminamalara gol çekipdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022